8 441 3 00 18, 8 441 3 0019
halactextile@sanly.tm

BIZ BARADA

Halaç etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji fabrigi barada maglumat:
Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.03.2002-nji ýyldaky №5588 belgili “Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky pagta egriji fabriginiň gurluşygy hakynda” Karary esasynda Dokma senagaty minstrligine Britan-Wirgin adalarynyň “Norsel International Limited” firmasy bilen fabrigiň gurluşygyny tamamlamak we bilelikdäki kärhanany döretmeklik bellenilen.
Fabrik 2002-nji ýylyň sentýabr aýynda 45% kuwwatlylyk bilen işe girizilip, 2005-nji ýylyň maý aýynda doly kuwwatlylygyna ýetirilip resmi taýdan açyldy.
Kärhananyň doly ady: “Halaç etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji fabrigi”
Guramaçylyk görnüşi: Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.
Kärhanany dörediji: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi.
Kärhananyň hukuk salgysy we ýerleşýän ýeri: Halaç etrabynyň Çohpetde şäherçesi.
Kärhananyň öz tertipnamasyna laýyklykda iş ugurlary:
1. Pagta süýümlerini taýarlamak we egirmek;
2. Dokma önümleriniň lomaý söwda satuw söwdasy;
3. Ýöriteleşdirilen dükanlarda dokma önümlerini bölekleýin satmak.
Telefon belgileri: 8 441 3 00 18; 8 441 3 0019
Fax: 8 441 3 00 16
Elektron bukja salgysy: halacfabrika@mail.ru
Öndürilýän ýüplükleriň görnüşleri: Fabrikde Open-End egirme usulynda
Nm 14/1, Nm 17/1, Nm 20/1, Nm 27/1, Nm 34/1görnüşli nah ýüplükler öndürilýär.
Fabrigiň taslama kuwwatlylygy ýyllyk 9130 tonna. Bir günde ortaça 14,0 tonna nah ýüplükler alyjylaryň islegine görä öndürilýär.
2023-nji ýylyň 9 aýynda jemi 3567,7 tonna - 48 millon 353 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi.
Fabrikde 200 gowrak adam zähmet çekýär.
Fabrikde Germaniýanyň Trüçler, Şwesariýanyň Reiter kompaniýalarynyň enjamlary işledilýär.
Fabrikde 4 sany bölüm (seh) bar. Tüýdüji, Daraýjy, Lentalaýjy, Egriji sehler.